«Bosch» we «Microsoft» kompaniýalary programma üpjünçiligi kesgitlenen ulag platformasyny döretmek üçin hyzmatdaşlygyny dowam edýärler.

Nemes in inženerçilik we tehnologiýa kompaniýalary «Bosch», «Microsoft» bilelikde awtoulaglar üçin niýetlenen programma üpjünçiligi kesgitlenen ulag platformasyny döretdi.

Bu hyzmatdaşlygyň maksady, awtoulagyň hiliniň ülňülerine laýyklykda awtoulagyň ömrüniň dowamynda ulag programma üpjünçiligini ösdürmäge, ulanylyşyny ýönekeýleşdirmäge we tizleşdirmäge mümkinçilik bermekden ybarat diýlip düşündirildi.

Täze platformanyň «Microsoft Azure ulag kompýuterlerini dolandyrmak üçin programma üpjünçiligini işläp düzmäge we göçürip almaga mümkinçilik berjekdigi bellendi.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir ünsi programma üpjünçiligini işläp düzmek prosesinde netijeliligi ýokarlandyrýan gurallary ösdürmek boljakdygy mälim edildi. Beýanata görä, iki kompaniýa hem täze programma üpjünçiligini 2021-nji ýylyň ahyryna çenli ilkinji ulag prototiplerine taýýarlamagy meýilleşdirýärler.

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]