Indi ençeme ýyl bäri diňleýjileriň köňüllerini mahmal owazy bilen lezzet paýlap gelýän zehinli aýdymçy Suhan Orazberdiýew hakyndaky söhbetdeşligi okamak megerem hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.

Suhan Orazberdiýew 1973-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge geňeşliginde eneden dogulýar. Ol orta bilimi Sakarçäge etrabynyň 5-nji orta mekdebinde alýar. Aýdymçynyň ilkinji halypasy Türkmenistanyň at gazanan artisti Täçmuhammet Hajyýewdir (Bally Hajy). Onuň döreden ilkinji şekilli aýdymy “Gumly gelindir”. Suhan Orazberdiýew ilkinji aýdym-saz albomyny 1991-nji ýylda çykarýar.

Suhan Orazberdiýew 1998-nji ýylda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başardy. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. Şeýle hem ol 2007-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, 2011-nji ýylda “Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna”, 2016-njy ýylda “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medallarynyň eýesidir. Suhan Orazberdiýew 2014-nji ýylda “Magtymguly Pyragy” medalynyň, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başardy.

Söhbetdeşligiň dowamynda aýdymçydan maşgalasy baradaky sowala şeýle jogap berýär.

Agzybir maşgalamda bir gyzym, üç oglum bar. Uly gyzym Nowça Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlap, “Nusaý” goraghanasynda tejribelik geçýär. Ondan kiçi oglum Sanjar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby. Ortanjy oglum Derkar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby. Körpe oglum Şükür Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy. Ol akkardeon saz guralyny çalýar, gitarada liriki äheňde aýdym hem aýdýar. Aýdymlarynyň sany gün-günden köpelip barýar. Nesip bolsa, geljekde halkyň söýgüsini gazanjak sungat adamsy bolup ýetişer diýen tamam bar. Halyl atly agtygym bar. Giýewim Mukam Muhamow ýurdumyzda ýaş şahyr hökmünde tanalýar.

Aýdymçy aýdymlaryňyzyň arasynda özüňize has ýakyny – diýen sowala şeýle jogap berýär.

— “Gumly gelin” aýdymymy gowy görýärin. “Men seni söýýärin” atly aýdymym hem ýerine düşüp, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy. Bu aýdymyň goşgusy Akmyrat Hojanyýazowyňky, sazy Rejep Rejepowyňky. “Türkmen owazynda” şekilli görnüşi hem halkymyza ýetirildi. Galyberse-de, diňleýjiler-de, özüm-de  “Yşk ody” atly aýdymy ýüregime ýakyn görýärin. Bu aýdymyň sözi-de, sazy-da Bally Hajynyňky. Bally halypa aýdymlarynyň goşgusyny özi hem ýazýan eken. Kakamyň hem käte goşgy ýazmasy bardy. Menem ýüregim joşan wagty, göwnüme gelen setirleri goşgy geçirýärin. Olardan aýdym edenlerim hem bar. Gyzykly söhbetdeşligi doly okamak isleseňiz şu ýere basyň!

Beýleki söhbetdeşlikleri hem okaň:

Leýli Ökdirowa – Ýylyň parlak ýyldyzy

Azat Dönmezow: Lukman ýa-da uçarman bolardym

Gözel Öwezowa – Maýa Kulyýewanyň ýeke-täk şägirdi

Begmyrat Annamyradow — aýdymçy bolmadyk bolsam

Täşli Tülegenow — «çopan ýolunyň ussady»

Begler Nurberdiýew: aktýorçylyk sungaty bilen gyzyklanýaryn

Tirkiş Mätnazarow: Ene hakda aýdym aýtmagy halaýaryn 

Ogulgerek Durdyýewa: Aýdymçy bolmadyk bolsam, mugallym bolardym