Taekwondo dünýäde meşhur gadymy koreýa göreş sungatydyr. Bu sungatyň muşdaklarynyň sany 50 milliondan geçýär. Koreýanyň ussatlarynyň türgenleşmeleriň gadymy usullaryny we tärlerini häzirki zaman sportunyň meýilleri bilen utgaşdyrmaklygy göreşiň bu görnüşiniň meşhurlygynyň esasy sebäbi bolup durýar.

Şoňa baglylykda taekwondo öz-özüňi kämilleşdirmekligiň hem‑de fiziki taýdan terbiýelemegiň ýeke-täk ulgamy hem-de sportuň dinamiki görnüşi bolup durýar.

Adamda fiziki, psihiki, ruhy hem-de ahlak başlangyçlarynyň sazlaşygyny gazanmak taekwondony öwrenmegiň we türgenleşmeleriň esasy maksadydyr. Irki döwürlerden bäri bu kanunlar musul, mue hem-de do ýörelgelerinde kesgitlenýär.

Musul – bu adalga türkmen diline terjime edilende «Göreş usuly» diýen manyny berýär hem-de özünde taekwondonyň ýörelgelerini özara göreş täsirleriniň we goranmalarynyň usullary hökmünde beýan edýär.

Mue – göreş sungaty. Bu ýörelge öz-özüniň üstünde işlemekligiň usullaryny beýan edýär. Şonda taekwondoçy diňe bir garşydaşyndan üstün çykmaklygy öwrenmän, eýsem öz ýetmezçiliklerini hem öwrenýär. Taekwondonyň tärlerini kämilleşdirmekligiň üsti bilen öz erjelliligini kämilleşdirýär.

Do – ruhy-ahlak terbiýäniň baglanyşygyndaky ýol bolup durýar. Bu ýörelge adamyň öz hakyky tebigatyna düşünmekligine, dünýäde öz ornuny hem-de dünýä bilen özara täsirleşmegiň usullaryny bilmeklige ymtylmasyny beýan edýär.

Şeýlelikde, şahsyýetiň sazlaşykly kämilleşmegine ýardam berýän adamyň fiziki hem-de ruhy terbiýesi taekwondonyň esasy maksady bolup durýar.

Häzirki zaman taekwondosy 5 sany esasy düzgünlerden ybarat. Olar bolsa öz gezeginde ýeke-täk türgenleşme işinde jemlenýär.

Taryhy

Taekwondo (koreýa ýazuwyndan terjime edilende «eliň we aýagyň ýoly» manysyny berýär) göreşiniň özboluşly usuly elleriň we aýaklaryň işjeňligidir. Onuň beýleki başa-baş göreşlerden esasy tapawudy – bökmek usuly we närseleri döwmekdir.

Taekwondonyň taryhy 2000 ýyl mundan ozal başlanýar. Munuň şeýledigine gadymy suratlar hem-de şekiller şaýatlyk edýär.

1790-njy ýylda belli koreýa alymy we döwlet işgäri Li Donmu tarapyndan döredilen «Muetobothonçji» atly ylmy eser gadymy koreýa halkynyň göreş sungaty baradaky başarnyklaryny şöhlelendirýän esasy taryhy resminamadyr. «Aýak», «ýumruk» we «ýol» düşünjelerini birleşdiren «taekwondo» sözi göreşiň koreýa görnüşiniň ady hökmünde 1955-nji ýyldan bäri ulanylyp gelýär. Ady göreşiň ýörelgesini doly şöhlelendirýär. Taekwondoda urgularyň 70%‑i aýak bilen, 30%-i el bilen ýerine ýetirilýär. 1953-nji ýylda tansu-do koreýa birleşigine goşulan mudukkwan, ýunmikwan, çundokwan we sunmun-kwan stilleriniň wekilleri taekwondonyň kemala gelmegine we kamilleşmegine goşant goşdular.

Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň başa-baş göreşleriniň köpsanly mekdeplerini ýeke-täk milli ulgamyň çäklerinde birleşdirmek synanyşmalary ýerine ýetirildi. Başa-baş göreşleriň ussatlary tarapyndan 1960-njy ýylda döredilen ulgam taekwondo adyny aldy. 1977-nji ýylda göreşiň bu görnüşi öz häzirki zaman görnüşine eýe boldy.

Edil karate ýaly taekwondo hem köp wagtlap ýeke-täk görnüşde bolmady. Ilki bilen iki federasiýa döredi: (ITF) Halkara we (WTF) Bütindünýä. Döredilen pursadyndan başlap, olar öz aralarynda barlyşyksyz göreş alyp bardylar. Bütindünýä federasiýasy Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edildi, taekwondo ýakyn wagtda öz görnüşinde Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna goşulýar. Sidneýde geçirilen XXVII Olimpiýa oýunlarynda taekwondo ilkinji gezek meýilnamanyň ýöriteleşdirilen böleginde hereket edip başlady.

Taekwondo boýunça ýaryşlar üç görnüşde – «kýorugi» – başa‑baş göreş, «pumse» – toplumlaýyn maşklar hem-de «kýopka» – gaty jisimleri döwmek boýunça geçirilýär. Başa-baş söweşlerde türgenler esasan hem aýak bilen urmak tehnikasyny ulanýarlar.

Teakwondo sporty adamda çalasynlygy, hereket işjeňligini terbiýeleýär.

Bulary hem okaň:

“Sport göreşi” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Sport göreşi

“Kikboksing” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Kikboksing

“Guşakly göreş” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Guşakly göreş

“Basketbol” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Basketbol

“3×3 Basketbol” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

3×3 Basketbol

“Suw sporty” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Suw sporty

“Welosport” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Welosport

“Taý boks” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Taý boks

“Milli göreş” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Milli göreş

“Tennis” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Tennis” ýazga basyň!

Tennis

“Kuraş” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Kuraş” ýazga basyň!

Kuraş

“Jiu-jitsu” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Jiu-jitsu” ýazga basyň!

Jiu-jitsu

“Sombo” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Sambo” ýazga basyň!

Sambo

“Tans sportynyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Tans sport” ýazga basyň!

Tans sporty

“Bouling” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Bouling” ýazga basyň!

Bouling

“Bilýard” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Bilýard” ýazga basyň!

Bilýard

“Küşt” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Küşt” ýazga basyň!

Küşt

“Futzalyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Futzal” ýazga basyň!

Futzal

“Gimnastikanyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Gimnastika” ýazga basyň!

Gimnastika

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw meýilnamalarynyň sanawynda bar bolan sport görnüşleri barada gysgaça tanyşmak isleseňiz aşakdaky hata basyň!

Siz haýsy sporty söýýarsiňiz?