“Güljan bilen Baljan”, “Ogulbeg”, “Sonam geldimi?”, “Köşgünde”, “Bibiniň” ýaly aýdymlary diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan zehinli aýdymçy Täşli Tülegenow barada okamak megerem hemme okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek.

Täşli Tülegenow 1994-nji ýylyň 26-njy dekabry, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde eneden bolýar. Ýaşajyk zehinli aýdymçy Balkanabat şäherindäki Rejep Toýjanow adyndaky 16-njy orta mekdebinde orta bilimi alýar. Aslynda aýdymçynyň iki ady ýagny Täşli we Seýitguly atlary bilen tanalýar. Aýdymçy söhbetdeşlikde näme üçin Seýitguly däl-de, Täşli diýen sowala şeýle jogap berýär.

— Çyn adym Seýitguly. Atam pahyryň Seýitguly atly gowy dosty bar eken. Ol gaty güýçli mergen bolupdyr. Özem şahandaz adam eken. Atam dostuny ýitiren gabatlary men dünýä inipdirin. Onsoň dostumyň adyny dakjak diýip, maňa Seýitguly dakypdyr. Doglan wagtym täjim bar eken. “Täşli” adyny köpräk tutsaň aýrylýar diýensoňlar, mamam tarapym Täşli ady köp tutýan ekenler. Mekdep döwrümde toýlarda aýdym aýdyp başlanymda-da, şol adym bilen tanalýardym.

Aýdymçy söhbetdeşlikde maşgalasy barada şeýle belläp geçýär.

— Maşgalada üç dogan. Göwher bilen Leýla atly iki sany gyz jigim bar. Olaryň aýdym-saza söýgüsi uly. Hasam kiçi gyz jigim aýdymy gowy aýdýar.Ýanýoldaşym bilen 2015-nji ýylda durmuş gurdum. Bir oglum, bir gyzym bar. Gyzym Feride 5 ýaşynyň, oglum Mukam 3 ýaşynyň içinde. Yzymy ýöretmegini arzuw edip ogluma Mukam adyny dakdym. Maşgalamyň sungatyma hormaty uly.

Şeýle hem aýdymçy söhbetdeşligiň dowamynda: Siz häsiýetiňiz boýunça nähili? — diýen sowala şeýle jogap berýär.

— Gaty duýguçyl. Meselem, bir adama biri käýäp duran bolsa, şoňa derek özüm käýesim gelýär. begensem ýa-da gynansam derrew aglaýan. Iň bärkisi, atym çapuwa gatnaşanda, beýleki atlardan ozup, pellehana birinji bolup gelýändigini görenimde gözüme begenç gözýaşlary dolýar. Duýguçyllygym maňa ejemden geçipdir. Kakam bize çagalykdan halal, dogruçyl ýaşamagy öwretdi. Häsiýetim boýunça öýkelegräk. Sebäbi azan atam öýkelek eken.  Täşli Tülegenow bilen gyzykly söhbetdeşligi doly okamak isleseňiz şu ýere basyň.

Beýleki söhbetdeşlikleri hem okaň:

Leýli Ökdirowa – Ýylyň parlak ýyldyzy

Azat Dönmezow: Lukman ýa-da uçarman bolardym

Gözel Öwezowa – Maýa Kulyýewanyň ýeke-täk şägirdi

Begmyrat Annamyradow — aýdymçy bolmadyk bolsam