Geçen asyryň birinji ýarymynda ilkinji ekrana çykan gününden bäri özleriniň gyzykly başdan geçirmeleri bilen köpleriň söýgüsini gazanan multfilm gahrymanlary Tom pişik we Jerri syçanjygyň gatnaşmagynda «Tom we Jerri» atly komediýa žanryndaky film 25-nji fewralda prokata çykýar. Bu barada «info.sibnet.ru» habar berýär.

Filmiň režissýory Tim Stori (“Fantastic Four: Rise of the Silver Surfer”). Ýaşlygyna garamazdan eýýäm birnäçe filmlerde dürli keşpleri janlandyran aktrisa Hloya Greýs Mores filmde esasy keşpleriň birini, “Kaýla” atly  myhmanhana işgäriniň keşbinde çykyş edýär. Şeýle hem filmde Rob Delani, Maýkl Penýa, Jordan Boljer we başgalar çykyş edýärler.

Belläp geçmeli gyzykly zatlaryň biri hem biziň söýgüli gahrymanlarymyz bolup galan garagol Tom we ugurtapyjy Jerri filmde iki ölçegli grafikasynda görkezilýär.