Sişenbe güni, 2-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň milli saz gurallar orkestriniň konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda ady nygtalyp geçilen orkestriň ýerine ýetirmeginde Tatar halk aýdymy “Ezledem begrem sine”, Gazak halk aýdymy “Kyzdyraý”, Moldawan halk sazy “Gagaus tansy”, U. Gajybekowyň “Görogly” operasyna uwertýura we başga-da birnäçe türki halklarynyň saz eserleri ýaňlandy.

Şeýle hem, dabaranyň dowamynda, ekranda dostlukly halklaryň sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen saz eserleriniň birnäçesi wideo şekiller arkaly tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Bu bolsa konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Türki halklarynyň aýdym-sazlary ýaňlanan ajaýyp konsertiň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň milli saz gurallar orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan P.Saryýewiň “Şatlyk” sazy konserte gelenleriň şowhunly we dowamly el çarpyşmalaryna beslendi.