Welosiped sportunyň (tigir sürmegiň) taryhy.

XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başynda onuň meşhurlygy diýseň ýokarlandy. Uludan-kiçä hemmeler onuň bilen meşgullanyp başladylar. XIX asyryň ahyrlarynda dünýäniň köp ýurtlarynda welosipedli ýörişi halaýanlaryň klublary döredildi. 1896-njy ýylda Aşgabatda welosiped sürüjileriň kluby döredilip, onuň öz binasy bolup, ol ýerde dürli çäreler geçirilipdir.

Türkmenistanda ökde welosipedçiler peýda boldy. Olar 1935-nji ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabat–Moskwa aralygynda 3900 kilometr aralygy 27 günde geçdiler.

Welosiped sportunda türgenler şosse we kros ýaryşlarynda ýörite ýasalan ýaryş hem-de ýol welosipedlerinde, trek ýaryşlarynda bolsa diňe ýaryş welosipedlerinde bäsleşýärler. Şosse ýaryşlary bir ýa-da birnäçe günlük bolýar. Bu görnüşde türgenler şahsy ýa-da toparlaýyn birinjilik ugrunda ýaryşýarlar. Kros bolsa beýikli-pesli ýerlerde dürli aralyklarda geçirilýär.

1948-nji ýyldan bäri türgenler üçin her ýyl köp günlük Parahatçylyk welosiped ýaryşy, ýörite taýýarlykly türgenler üçin 1903-nji ýyldan bäri «Tur de Frans» bäsleşigi geçirilýär. Olimpiýa oýunlarynda welosiped sporty boýunça şosse we trek ýaryşlary guralýar.

Welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň bedeni sagdyn ösýär, aýratyn-da olaryň aýak myşsalary berkeýär, ýüregi gowy işleýär, dem alşy kadalaşýar, nerw ulgamy berkeýär we taplanýar.

Welosiped sporty bilen erkek adamlara 14 ýaşdan, aýal-gyzlara 16 ýaşdan meşgullanmak maslahat berilýär.

1900-nji ýylda Welosipedçileriň halkara guramasy (UCI) esaslandyrylýar. Oňa ýüzden köp ýurduň milli federasiýalary girýär. Welosipedçileriň halkara guramasynda ýörite taýýarlykly türgenleriň we welosipedçileriň komiteti bar. Welosiped sporty Germaniýa, Polşa, Fransiýa, Italiýa, Beýik Britaniýa ýaly ýurtlarda ösendir.

XIX asyryň aýaklary Türkmenistana welosipediň aralaşan döwri hasaplanylýar.

Welosiped sportunyň görnüşleri hemde türgenleşik we ýaryş hereketleriniň aýratynlyklary.

Welosiped sporty welosiped krosy boýunça trekde, şossede, daglyk ýerlerde (mauntenbaýk) sport ýaryşlaryny, şeýle-de trialsin, zaldaky welosiped sporty, welosipedli syýahatçylyk ýaly görnüşleri özüne birleşdirýär.

Welosiped sportunyň döremeginiň taryhy welosipedi oýlap tapmak we kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. 1816-njy ýylda Germaniýanyň raýaty Karl fon Draýs welosipedi oýlap tapmak baradaky rugsatnamany alýar (ondan öň hem welosipediň bolandygy barada maglumatlar bar). Welosiped hereket etmegiň serişdesi hökmünde tizara ykrar edilýär we giňden ýaýbaňlandyrylýar. Gurluşynyň has kämilleşdirilmeginiň çäklerinde welosipediň tizliginiň artdyrylmagy netijesinde ol diňe bir ulag serişdesi hökmünde däl, eýsem sport üçin hem ynamly serişde boldy.

Ilkinji iri halkara ýaryşy 1869-njy ýylda badalga berlen Pariž – Ruan welosiped ýörişi boldy (aralyk 120 kilometr). Oňa gatnaşyjylar agaç welosipedlerde ýola düşýärler we ýaryşa gatnaşýarlar.

Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça birinji dünýä çempionaty 1893-nji ýylda ABŞ‑yň Çikago şäherinde geçirildi, şossedäki ýaryş boýunça dünýä çempionaty 1921-nji ýylda Daniýanyň Kopengagen şäherinde geçirildi. Dünýä çempionatlary ilki diňe erkekleriň arasynda geçirildi, 1958-nji ýyldan başlap dünýä çempionatlaryna aýallar hem gatnaşyp başladylar.

Komandalaýyn we toparlaýyn şosse ýaryşlary 1960-njy ýyldan bäri aýratynlykda geçirilýär.

Trekdäki dünýä çempionatlarynyň ýaryşlary has giňişleýin maksatnama esasynda geçirilýär.

1996-njy ýyldaky XXVI Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna erkekleriň we aýallaryň arasyndaky şossedäki ýaryşyň täze görnüşleri goşuldy – wagt boýunça şahsy ýaryşlar; erkekleriň we aýallaryň arasyndaky ýaryşlaryň maksatnamasyna, şeýle-de welosiped sportunyň täze görnüşi – dagdaky ýaryş (mauntenbaýk) goşuldy.

Welosipedi sürmeklik tapgyrlaýyn maşklar hasaplanylýar we bilmekligi hökmany bolan birnäçe aýratynlyklary bilen häsiýetlendirilýär. Onuň aralygynyň uzaklygyna we tizligine baglylykda ony geçmekdäki netijelilik we ýüklemeleriň göwrümi çäkleriniň giňligine baglylykda üýtgeýär.

Welosiped sporty – sözüň giň manysynda adamyň myşsa güýji bilen herekete getirilýän ulag serişdesini (welosipedi) ulanyp, ýerden hereket etmekdir. Welosiped sporty trekde, şosse (gara) ýollarynda, beýikli-pesli ýerlerde, mauntinbaýk, welotrial, welosipedi figuraly sürmek, welobol we welopol oýny boýunça bäsleşmek ýaryşlaryny öz içine alýar. Şeýle hem, welosport triatlon ýaryşynyň bir görnüşidir. Ýaryşyň esasy maksady aralygy mümkin bolan gysga wagtda geçmek. Welosport özbaşdak sport görnüşi hökmünde Şweýsariýada ýerleşýän Halkara welosipedçiler birleşigi tarapyndan dolandyrylýar.

WELOKROS – ýörite gurluşly welosipedlerde geçirilýän kros ýaryşydyr. Tehniki taýdan welosportuň bu ýaryşy iň bir çylşyrymly we haýal ýöreýän görnüşi (krosçularyň ortaça tizligi 20 km/sagat). Düzgün boýunça welokrosçular, dürli hili ýodajyklardan, agaçlaryň köklerinden, çukurlardan (garym), depelerden ybarat bolan hem-de emeli päsgelçilik goýlan açyk meýdanda we tokaý zolagynyň içi bilen 2,5–3,5 km‑e çenli halkalaýyn aralygy birnäçe gezek geçmeli. Welokros boýunça ilkinji ýaryşlar 1902-nji ýylda Fransiýada geçirildi. 1924‑nji ýylda ilkinji halkara ýaryşlar we 1950-nji ýylda ilkinji dünýä ýaryşlary Parižde geçirildi.

WELOTREK ÝARYŞLAR – Welotreklerde ýa-da welodromlarda geçirilýän welosportuň Olimpia oýunlarynyň meýilnamasyna girýän görnüşidir. Welotrek ýaryşynyň birnäçe görnüşi bar.

SPRINT ÝARYŞY – welotrek ýaryşynyň bir görnüşi. Bu ýaryş trekde iki ýa-da üç aýlawa geçirilýär we ýaryşa ýörite saýlanan iki, üç ýa-da dört sany welosipedçi gatnaşýar. Pellehanadan birinji geçmegi başaran welosipedçi ýeňiji diýip yglan edilýär. Sprint welosportuň gadymy görnüşiniň biri bolup, erkekleriň arasynda ilkinji gezek dünýä ýaryşy 1983-nji ýylda, zenanlaryň arasynda 1895-nji ýylda geçirildi. Sprint ýaryşy Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna 1896-njy ýylda girizildi.

ÝEKELIKDE YZARLAMAK ÝARYŞY – Welotrekde iki sany welosipedçiniň bir‑birini yzarlamak ýaryşydyr.

UTUK BOÝUNÇA ÝARYŞ – bu ýaryşa gatnaşyjy welosipedçileriň sany çäklendirilmeýär. Geçmeli aralyk erkekler üçin 40 km, zenanlar üçin 25 km. Ýaryşyň maksady mümkin boldugyça köp utuk gazanmakdyr.

GIT ÝARYŞY – 2008-nji ýyldan bäri olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna girýär. Bu ýaryşda welosipedçiler mümkin bolan gysga wagtyň içinde uly tizlik bilen ýekelikde 1 km, 500 ýa-da 200 m. aralygy geçmeli. Ýaryşda duran ýeriňden ýa-da bat alyp ugramaga rugsat berilýär.

MEDISON ÝARYŞY – ýaryşa gatnaşyjy welosipedçileriň badalgasy köpçülikleýin başlanýar. Her bir 20 aýlawy 1-nji geçen welosipedçä 5 utuk, 2-nji geçene 3 utuk, 3-nji geçene 2 utuk, 4-nji geçene 1 utuk berilýär. Welosiped ýaryşynda bu görnüşiň ilkinji gezek geçirilen ýeri Medison- Skwer-Gardan bilen baglanyşyklydyr.

OMNIUM (köp görnüşli ýaryş) – welosiped sportunyň bu görnüşi ýaryşmagyň alty görnüşini öz içine alýar: 1) trekde 3,5 gezek aýlaw edip bat almaly we 250 m aralygy tizlik bilen geçmeli (mümkin bolan az wagtda), 2) utuk boýunça ýaryş, 3) utulan çykmak şerti bilen ýaryşy, 5) skreç ýaryşy, 6) git ýaryşy (duran ýerinde).

DAG WELOSIPEDI («mauntinbaýk» iňlisçe: mountian – dag, bike-welosiped) – beýleki welosipedlere garanyňda ýörite gurluşly, ýolsuz ýerlerde hereket etmek üçin niýetlenen welosiped. Bu welosipediň häsiýetleri: berk ramaly we tigirli, ýumşak amortizasiýa, tigriniň daşkysy iri we çuň protektorly. Depä çykylanda tizligi saklamaga ýardam edýän tizlik geçiriji bilen üpjün edilendir. Bu welosipedleriň agramy 10-15 kg‑a çenli bolýar. Dag welosipedleriniň ýaryşyň görnüşine görä dürli görnüşleri bolýar, olar amortizatory, tekerleriniň ululygy, ramasynyň gurluşy, demriniň görnüşi (alýumin, titan, polimer, karbon) boýunça hem-de ýygnalyş usuly boýunça tapawutlanýarlar.

KROS-KANTR – tekiz we beýikli-pesli ýollarda geçirilýän mauntinbaýk (dag welosipedi) boýunça ýaryşyň bir görnüşi. Geçmeli aralyk emeli we tebigy päsgelçilikden ybarat. Häzirki zaman adaty kros-kantri ýaryşy 1,5-2 sagada çenli dowam edip, geçmeli aralyk 5-9 km, 3-7 aýlawdan ybarat. 1996-njy ýyldan bäri welosportuň mauntinbaýk ýaryşynyň diňe kros-kantri görnüşi boýunça ýaryşyň şertleri üýtgeýär, päsgelçilikler çylşyrymlaşýar. Kros-kantri – görnüşi welosportuň iň ýönekeý we howpsuz görnüşidir.

DAUNHIL («daunhil» iňlisçe: downhil – «baýyrdan aşak inmek») – dag welosiped ýaryşynyň ekstremal görnüşi bolup, bu ýaryşyň maksady aralygy wagt boýunça geçmekdir. Adaty daunhil trassasy kert iniş ýodalaryndan, oňaýsyz öwrümli çukurlardan, depelerden ybaratdyr.

Sportuň ähli görnüşiniň hem ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri bimöçberdir. Lukmanlaryň geçiren tejribelerine baglylykda welosiped süren wagtynda adamda beden süňkleriniň 206-sy, myşsalarynyň bolsa 600-e golaýy işjeň herekete gelýär we özara sazlaşygyň saglyk üçin iň peýdaly ýagdaýy döreýär.

Hormatly saýtymyzyň okyjylary welosport bu sport görnüşi we arassa howada dynç almak niýet bilen hem ulanylýar. Sport we saglyk tarapdan adama oňyn täsir edýän welosport bilen meşgullanmak her birimiziň sagdyn we şähdiaçyk bolmagymyza  mümkinçilik berýär. Şol sebäplide sportuň bu görnüşini gündelik durmuşyňyza ornaşdyryň we sagdyn boluň!

Bulary hem okaň:

“Taý boks” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Taý boks

“Milli göreş” barada gyzykly maglumatlary okamak isleseňiz aşaky ýazga basyň!

Milli göreş

“Tennis” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Tennis” ýazga basyň!

Tennis

“Kuraş” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Kuraş” ýazga basyň!

Kuraş

“Jiu-jitsu” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Jiu-jitsu” ýazga basyň!

Jiu-jitsu

“Sombo” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Sambo” ýazga basyň!

Sambo

“Tans sportynyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Tans sport” ýazga basyň!

Tans sporty

“Bouling” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Bouling” ýazga basyň!

Bouling

“Bilýard” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Bilýard” ýazga basyň!

Bilýard

“Küşt” oýnunyň inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Küşt” ýazga basyň!

Küşt

“Futzalyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Futzal” ýazga basyň!

Futzal

“Gimnastikanyň” inçe tilsimlerini we döreýiş taryhyny bilmek isleseňiz aşaky “Gimnastika” ýazga basyň!

Gimnastika

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw meýilnamalarynyň sanawynda bar bolan sport görnüşleri barada gysgaça tanyşmak isleseňiz aşakdaky hata basyň!

Siz haýsy sporty söýýarsiňiz?

[ajax_load_more id="7660182157" css_classes="myclass" loading_style="infinite classic" container_type="div" offset="2" post_type="post" category="habarlar "]