Ýakynda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanlarynyň, şeýle-de oňa gatnaşjak guramaçylyk toparydyr türgenleriň lybaslarynyň, olaryň welosipedleriniň bezeg işleri tassyklandy. Dünýä çempionatynyň resmi nyşanynyň hem-de lybaslaryň, welosiped görnüşleriniň tassyklanmagy ýaryşa taýýarlygyň esasy tapgyrlarynyň biri bolup, olar iri sport ýaryşynyň milli ruhuny özünde jemleýär. Dünýäde 118-nji gezek, ýurdumyzda bolsa ilkinji gezek geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanynda milli gymmatlygymyz bolan nepis halylarymyza ýerleşdirilýän «garşy goçak» nagşy hem-de alaja alyndy. «Garşy goçak», aýdylyşy ýaly, döwletliligi hem-de oglany, alaja bolsa gije bilen gündizi aň­ladýar. Milli nagyşlar döwrebaplaşdyrylan, ýagny welosipedçiniň şekili bilen utgaşdyrylan ýagdaýynda işlenip taýýarlanan görnüşinde öz mynasyp ornuny tapýar. Bu  barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenişine görä, halkara sport ýaryşynda çykyş etjek türgeniň sport eşiginiň görnüşleri hem-de welosipediň bezegi milli ähe­ňi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň welosiped boýunça milli ýygyndy toparynyň, meýletinçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, lukmanlar, jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygy üpjün edýän işgärler üçin hem ýörite taýýarlanan sport lybaslarynda halkymyzyň taryhyndan, milliliginden söz açýan bezeg işleri ulanylypdyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde döredilen ýörite topar bilen bilelikde işlenip taýýarlanan lybaslar bezeg hem-de hil taýdan tapawutlanýar.

Gazetde ýerleşdirilen maglumatlara görä, dünýä grafika sungatynyň iň döwrebap şekilleri milli nagyşlar bilen utgaşdyrylyp, döwrümiziň bedew bady bilen ösüşiň täze menziline barýan ruhy şöhlelendirilipdir. Milli ýygyndy toparymyzyň egin-eşiginde nepis gölli halylarymyzdaky «gyýak» nagşyndan ugur alnypdyr. Halyçylar bu nagşyň toýy aň­ladýandygyny, toýly günlerden habar berýändigini aýdýarlar. Türgenleriň lybaslarynyň reň­ki ýaşyl tugumyzdan gözbaş alýar. Bu bolsa türgenlerimizi ýe­ňişli menzillere ruhlandyrar diýip umyt edýäris. Ýaşyl ýaýlany ýada salýan tugumyzyň reň­kinde ýaşlyk, ýaşaýyş, beýik ýe­ňiş öz beýanyny tapýar.

Welosiped boýunça dünýä çempionatlarynyň birnäçesiniň çempiony Lens Armstrong: «Welosipediň üstünde meni ýaryş rekordlary däl-de, bagtyýarlyk duýgusy saklaýar» diýip belläp geçýär. Biz hem dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan geljek ussat welosipedçileriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etjek ýygyndy toparymyzyň türgenlerine milliligimizi wasp edýän sport lybaslarynda bagtyýarlyk duýgulary bilen ýe­ňişli menzillere ýetmeklerini arzuw edýäris.