Teksti öňünden kesgitlemek eýýäm mart aýynda hemmeler üçin elýeter bolar. «runews24.ru» habar bermegine görä, bu tehnologiýa sözleri çalt we takyk kesgitlemek arkaly has netijeli ýazmaga kömek eder diýip, “Microsoft” kompaniýasy belläp geçdi. “Word” ulanyjylary “Tab” düwmesine basmazdan kabul edip bolýan tekst çaklamalaryny çal reňkde görüp bilerler. Eger-de programmany ulanyjy bu funksiýany ulanmakda gyzyklanmasa, onda ulanyjylar bu funksiýany öçürip biler, diýip bellenip geçilýär.

Şonuň ýaly hem habarda “Microsoft” teksti öňünden kesgitlemek goldawyny “Outlook” ulanyjylary üçin fewralda ýaýbaňlandyryp başlady diýip, bellenilýär.