Meşhur “Empire” britan žurnalynyň hünärmenleri XXI asyryň iň gowy filmleriniň reýtingini düzdi.  Bu barada «nevnov.ru» bellenip geçilýär.

Habara görä, kino tankytçylarynyň “Hiç hili kompromissiz sungat eseri” diýip häsiýetlendiren, 2015-nji ýylda awstraliýaly kinorežissýor Jorj Milleriň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Mad Max: Fury Road” (türkmen dilinde “Däli Maks: Gazabyň ýoly”) atly film sanawda birinji ýeri eýeleýär.

2001-nji ýylda surata düşürilen “The Lord of the Rings: The Fellowship of the Rings” (türkmen dilinde “Ýüzükleriň hökümdary: Ýüzügiň doganlygy”) atly fantastik drama ikinji orny eýeleýär. Kinotrilogiýanyň birinji bölümi bolan bu film birnäçe abraýly kino baýraklarynyň eýesi, kinorežissýor Piter Jeksonyň režissýorlyk etmeginde, iňlis ýazyjysy J. R. R. Tolkieniň romany esasynda surata düşürildi.

Asly britaniýaly kino režissýor Kristofer Nolanyň režissýorlygynda 2008-nji ýylda surata düşürilen “The Dark Knight” (türkmen dilinde “Gara rysar”) sanawyň ilkinji üçlüginiň jemini jemleýär.