Öňňin, 23-nji fewralda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda “Halypalaryň sungat ýoly bize nusgalyk göreldedir” atly Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda Ýagmyr Nurgeldiýewiň doglan gününiň 90 ýyllyk ýubileý dabarasyna bagyşlanan ýatlama-konserti geçirildi.

— Halypalardan ussatlyk mekdebini geçip, öz ussatlygyny taplan halypa sazandamyz Türkmenistanyň halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýew milli saz medeniýetimiziň baýlaşmagyna goşan goşandy uludyr. Halypanyň döredijiliginden türkmen teleradioýaýlymlarynda häli-şindi ýaňlanýan “Arzuwym”, “Owazym”, “Bu jennetdir” we başga-da birnäçe saz eserleri il arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, isleg bildirilip diňlenilýär. Ýagmyr halypa ilki bilen Türkmen döwlet sazçylyk mekdebinde, soňra bolsa Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaşlara tälim berip, ussat, zehinli sazandalaryň ösüp ýetişmeklerine uly goşant goşdy – diýip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-konsert bölüminiň müdiri Baky Rejebow gürrüň berdi.

Konsertiň başy halypa Ýagmyr Nurgeldiýewiň döredijiliginden “Arzuwym” sazy bilen başlanyldy. Bu saz eseri şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, ussat sazandalar, dutarda Aýgül Ýagşyýewa we fleýta saz guralynda Dürjemal Çaňlyýewanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Konsertiň dowamynda halypa sazanda Türkmenistanyň halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň döredijiligine degişli ajaýyp aýdymdyr-sazlaryň birnäçesi, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Söýünow, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa, şeýle-de ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň ussat mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlandy. Konsertde çykyş eden bagşydyr-sazandalar Ýagmyr Nurgeldiýewiň döredijiligi hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler.

Türkmenistanyň halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň doglan gününiň 90 ýyllyk ýubileý dabarasyna bagyşlanan ýatlama-konsertiniň dowamynda ýaňlanan hoş owazly aýdymdyr-sazlar konserte gelenleriň ählisinde uly täsir galdyrdy.