Ýewropanyň “Ýylyň awtoulagy” bäsleşiginiň 2021-nji ýyl boýunça ýeňijisi yglan edildi. “Toyota Yaris” soňky tapgyrda alty sany garşydaşyndan üstün çykyp, ýeňiji bolmagy başardy.

Ýewropa yklymy boýunça her ýyl berilýän “Ýylyň awtoulagy” baýragy üçin 29 awtoulag gatnaşyp,  sanawdan deslapky tapgyra 7 sany awtoulag saýlandy.  Bu baýragyň 2021-nji ýyl tapgyry boýunça “Toyota Yaris” ýeňiji boldy. Soňky 7 awtoulagyň arasynda iki sany 100% elektrik bilen işleýän modeli gatnaşdy.

Bu baýraga mynasyp bolan “Toyota Yaris”  kysymly awtoulagy “Volkswagen Golf” we “Renault Clio” ýaly birnäçe gezek baýrak alanlaryň arasyna goşuldy. “Toyota Yaris” mundan öň 2000-nji ýylda “Ýewropanyň ýylyň awtoulagy” diýlip hem yglan edilipdi. Bäsleşikde “Toyota Yaris” emin agzalaryndan jemi 266 utuk toplamagy başardy.