Geçen asyryň ikinji ýarymynda başlanan kosmos syýahatlaryna badalga berilipdi. XXI asyrda hem alymlar kosmos syýahaty babatynda täze gözýetimlere eýe bolýar. 1957-nji ýylda ilkinji emeli hemra SSSR tarapyndan kosmosa iberildi. 1969-njy ýylda Aýa ilkinji aýak basan ABŞ-ly Neil Armstrongdyr. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öz çykyşynda älem giňişligine çykmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Şeýlelikde, türkiýeli kosmonawtlar 2023-nji ýylda “milli we gibrid kosmos” bilen Aýa uçmagy meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank ýurtda Kosmos agentligini döretmek babatda birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada belläp geçdi. Türkiýe döwleti