Türkiýede ýerleşýän Ondokuz Maý uniwersitetiniň ylym we edebiýat fakultetiniň taryh bölüminiň professory, doktor Ibragim Telliogly Türkiýäniň Ýazyjylar birleşigi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň ýazyjysy, intellektualy we sungat işgäri» baýragyna mynasyp görüldi. «Fethedilenlerin Gözüyle Anadolu’nun Fethi» (Taryhy şahsyýetleriň gözi bilen Anadolynyň ýeňşi) kitaby bilen «Ýylyň ýazyjysy, intellektualy we sungat işgäri» baýragyň ýeňijisi hökmünde Türkiýäniň Ýazyjylar birleşiginiň merkezi edarasynda geçirilen metbugat ýygnagynda yglan edildi.

Türkiýäniň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy: «Koronawirus ýokanjy edebiýata, kitaba bolan islegi has-da artdyrdy. «Bu kyn günlerde edebiýatdan güýç alalyň» şygary bilen, epidemiýanyň ilkinji gününden bäri çäklendirme döwründe öýdäki raýatlar birnäçe kitaplar teklip edildi. Okyjylar ýazyjylaryň, alymlaryň we tankytçylaryň maslahatlaryndan peýdalanyp, kitaplaryň sanawyny taýýarlandyklaryny we ululara, ýaşlara şeýle hem çagalara degişli kitap teklipler aýratyn ähmiýete eýe boldy — diýip belläp geçdi.

Bu baýrak indi 39 ýyl bäri berlip gelinýär.