Türkiýäniň “Türkhowaýollary” (THY) kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna beren maglumatynda aýdylyp geçilýär.

Berlen maglumata laýyklykda, ýörite uçar gatnawynyň 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda sagat 17:30-da göz öňünde tutulýar.

Şonuň üçin bu ýörite uçar gatnawy barada “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna (Atatürk köçesi 82, A7-A8 otagy/ “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty. Tel: 861 01 44 33) ýüz tutmak bolar.

Ozal hem berişimiz ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Şeýle hem Türkmenistanda otly hem-de welaýatara awtobus gatnawlary hem 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli duruzylypdy.