Ýurdumyzyň «Türkmenhowaýollary» agentligi täze uçarlar satyn alar. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda aýdylýar. 

Internet sahypasyndaky habara görä, Türkmenistanyň Prezidenti “2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýük gatnawynyň möçberini artdyrmak babatda degişli Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasy bilen «P2F» modifikasiýaly «A330-200» kysymly uçarlaryň 2-sini satyn almak babatda şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle görnüşli uçarlaryň ýük göterijilik kuwwaty 59 tonna, uçuş menzil aralygy bolsa 7400 kilometre deňdir.