2021-nji ýylyň 28-30-njy iýuny aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Suleýmanpur resmi sapary bilen Aşgabatda bolýar.

Saparyň çäklerinde Baş sekretar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Şeýle-de doktor Hadi Suleýmanpuruň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylda Türkmenistanyň Guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde YHG-niň iş ýüzündäki hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. YHG-niň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen, türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.

dowamy Türkmenistan YHG-niň möhüm ylalaşygyna goşuldy at TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY.