Dünýädäki häzirki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly möwsümleýin wirus ýokançlygynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdna goramak ministrligi ýurduň ähli guramalaryna, eýeçilik görnüşine garamazdan ähli edaralaryna wagtlaýynça işgärleriň çeýe iş wagty geçmegi maslahat berýär. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, maslahat berilýän iş wagty baradaky resminama şu gün ähli ministrliklere we pudaklaýyn edaralara, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, jemgyýetçilik guramalaryna, şeýle hem ýurtda işleýän edara görnüşli taraplara ýollandy.

Resminamada bellenilip geçilişine görä,  Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparyň 29-njy awgustda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütler esasynda täze giriziljek düzgünler öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Işgär sany 100 adamdan az bolan edaralarda we guramalarda adamlaryň üýşmeginiň öňüni almak maksadi bilen topar tarapyndan işgärleriň bir bölegini irden sagat 08:00-dan 17:00-a çenli, ikinji bölegine bolsa 09:00-dan 18:00-a çenli aralygynda guramak bellenildi.

Işgär sany 100 adamdan köp bolan edaralarda we guramalarda işgärleriň 30 göterimi iş ýerinde sagat irden 08:00-dan 17:00-a çenli, 40 göterimi sagat 09:00-dan 18:00-a çenli, galan 30 göteirmi sagat 10:00-dan agşam 19:00-a çenli bolmagyny guramak göz öňünde tutuldy.

Täze iş tertibi kärhanada iş guramagyň aýratynlyklaryna baglylykda iş berijiniň islegi boýunça üýtgedilip bilner we iş gününiň başlamagy we gutarmagy üçin ýokardaky takmynan çeýe tertibi diňe hepdelik 40 sagat we 8 sagatlyk gündelik iş günli işgärlere degişlidir.

Iş meýilnamasyna üýtgetmeler girizmezden ozal, guramalaryň ýolbaşçylary işgärleriniň pikirini göz öňünde tutmaly we kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen gutarnykly karara gelmelidir.

 

Agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär