Indiki  ýylda belleniljek Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işlerine häzirki günlerden başlanar — diýlip, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda aýdylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen  Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisinde belläp geçti.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada aýratyn durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere baýramçylyk desgalarynyň ählisinde işleriň hiliniň hem-de möhletiniň berjaý edilmegi, olary zerur gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli binagärligiň däpleriniň häzirki zaman şäher gurluşygynyň ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny aýdyp, barha gözelleşýän Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň ajaýyp keşbini hem-de estetiki görnüşiniň türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzda özboluşly şähergurluşyk-binagärlik ýörelgeleriniň kemala gelendigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagyň hem-de täsin binagärlik çözgütlerini we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda boljak şanly senelere we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin onlaýn tertibinde birnäçe halkara derejesindäki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

12-nji dekabrda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahaty, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler. Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň we halkara döredijilik çäreleriniň hem-de dekabr aýynda meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şolaryň her biriniň ähmiýetli, many-mazmuna baý bolmalydygyny we milli däplere laýyklykda, giňden hem-de ruhubelentlikde geçirilmelidigini belledi.

Döwlet  Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň indiki ýylda belleniljek 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işlerine häzirki günlerden başlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu taryhy senä bagyşlanan ähli çäreleriň taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmalydygyny, şolaryň Garaşsyz döwletimiziň umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň düýp mazmunyny açyp görkezmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.