Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi döredijilik bäsleşiklerini

YGLAN EDÝÄR

Döredijilik bäsleşikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021- nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegini şöhratlandyrmak, giň­den wagyz etmek maksady bilen geçirilýär. Döredijilik bäsleşikleri şu ugurlar boýunça guralýar:

  1. Şygryýetiň murapbag (dörtleme), muhammes (bäşleme), müseddes (altylama), kasyda, mesnewi, tahmys, rubagy, tuýug, gazal, aýdyşyk ýaly gadymy görnüşlerinde täze eserleri döretmek boýunça «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — kalbymyzyň joşguny» atly döredijilik bäsleşigi;
  2. Mirasy öwrenijileriň arasynda şöhratly taryhymyzy, nusgawy şahyrlarymyzyň, akyldarlarymyzyň edebi mirasyny, arheologiýany we etnografiýany öwrenmek, wagyz etmek boýunça makalalaryň hem-de kitaplaryň «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşigi;
  3. Merdana halkymyzyň ahlak-edep ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny, maşgala mukaddesligini wasp edýän kyssa eserleriniň «Mukaddesliklere sarpa» atly döredijilik bäsleşigi;
  4. Türkmen bedewleri hem-de alabaýlary hakynda iň gowy goşgulary, poemalary, makalalary, hekaýalary döretmek boýunça «Dal bedewler — halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz — türkmen alabaýlary» atly döredijilik bäsleşigi;
  5. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň arasynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym!» atly bäsleşigi; 6. Ýaş şahyrlaryň arasynda goşgulary döretmek boýunça «Şygryýetiň bilbili» atly döredijilik bäsleşigi;
  6. Ýaş žurnalistleriň arasynda makalalary döretmek boýunça «Waspyň dillerde dessan — Arkadagly Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigi.

Döredijilik bäsleşiklerine hödürlenilýän eserler «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde, setir arasy 1,0 görnüşde ýazylyp, «medeniyetgovtmay@mail.ru» atly elektron salga iberilmeli. Bäsleşiklere hödürlenilýän eserler 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär. Bäsleşikleriň jemi şu ýylyň aprel aýynda jemlener. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym!» atly bäsleşigi sergi guramak arkaly, şu ýylyň noýabr aýynda jemlener.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri­miz: 44-00-71, 44-00-81, 44-02-35.