4-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Şanly waka mynasybetli Özbegistanyň paýtagtynyň howa menzili iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi.                                                                                           

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uçaryň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra türkmen we özbek Liderleriniň awtoulag kerweni howa menzilinden Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna tarap ugrady.

Continue reading Türkmenistanyň Prezidenti iki günlük resmi sapar bilen Özbegistandа at InAshgabat.