Türkmenleriň milli senenamasyna nazar aýlasaň, ata-babalarymyzyň gyş paslyny dört bölege bölendigini görmek bolýar. 22-nji noýabrda başlanýan garagyş öz ornuny 7-nji dekabrda uly çillä berýär. 8-nji dekabrdan başlanýan uly çille bolsa 17-nji ýanwarda öz ornuny kiçi çillä berýär. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär.

Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, gar ýerde näçe köp ýatsa, şonça-da peýdalydyr. Dogry, garly howa öri meýdanlaryna käbir kynçylyklar döreýär, emma geljek ýazda otuň ösüşi başgaça bolýar. Hatda täze doglan guzular otuň içinde görünmän galýar. Hut şonuň üçin-de çillede ýagan gar bereket hasaplanýar. «Çillede suw içen üzüm hiç wagt suwsamaz» diýip, ata-babalarymyz hut şu döwürde üzümiň düýbüne köpräk gar toplap goýupdyrlar.

Ata-babalarymyz şeýdip uly çillede gar köp ýagyp, do­ňaklyk uzak dowam etse, ony gowulyga ýorupdyrlar. Sebäbi soň­ra onuň yzyndan gelýän kiçi çille gazabyna tutmandyr. Egerde uly çille maýyl gelse, onda ol öz ornuny kiçi çillä berjek wagty: «Inim Sary, ýet, gara goýunda guýruk, esrik nerde örküç, sannyk aýalda hem hamyrmaýa galdy. Men-ä sakgalymyň agyndan utanyp, halkyň ýagdaýyna dözmän, do­ňaklygy gowşagrak etdim. Sen beri öz borju­ňy berjaý et» diýip, kiçi çillä pugta sargarmyş. Şundan soň kiçi çille gazabyna tutsa, atababalarymyz: «Gyş so­ňuna syrykdy» diýip, öz aladasy bilen bolupdyrlar. Bary-ýogy ýigrimi gün dowam edýän kiçi çilläniň möhleti gutaryp, döwri geçenden soň­ra bolsa gyşyň gutardygy diýip hasaplapdyrlar. Sebäbi 7-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän ahyrky garagyş eýýäm gyşyň gowşap, howanyň maýlap başlaýan döwri hasaplanýar. Gyşda garyň, ýazda ýagmyryň, tomusda jöwzanyň bolmagyny gowulyk hasaplan eždatlarymyz müň keren mamla diýlip “Türkmenistan” gazetinde aýdylýar.