Ulýanowsk awtoulag zawody (UAZ) geljekde öndürmek isleýän modelleriň dizaýnlaryny görkezdi. Zawod bu awtoulaglaryň suratlaryny jemgyýetçilik torlarynda paýlaşdy. «UAZ-452» adyna eýe boljak täsin furgon şekilli awtoulagyň dizaýn taslamasy hudožnik Andreý Dawydow tarapyndan taýýarlanyldy.

Jemgyýetçilik torlarynda bu awtoulagyň suratyny synlan UAZ awtoulagyny söýüjileri dürli teswirleri, öz pikirlerini paýlaşdylar.

Käbir muşdaklar awtoulagyň giňligi baradaky düşünjäni tankytlap, öňdäki ýolagçylar üçin dar boljakdygyny we çarçuwanyň gurluşyny göz öňünde tutup, poldan üçege çenli aralygyň pes boljakdygyny öňe sürdüler. Beýlekiler bu düşünjäni özüne çekiji we özboluşly diýip atlandyrdylar.

Kompaniýa bu taslamany birnäçe wagt mundan öň başlapdy. Ýöne taslama boýunça alnyp barylýan işleriň bir böleginiň pandemiýa sebäpli çäklendirildi. Emma muňa garamazdan «UAZ» bu taslamadan el çekmedigini mälim etdi.