Türk­me­nis­ta­nyň ­Me­de­ni­ýet­ mi­nistr­li­gi­ «Bag­ty­ýar ­ça­ga­lyk»­ at­ly­­ hal­ka­ra­ su­rat­ bäs­le­şi­gi­ni ­yg­lan­ ed­ýär.

Bäsleşige 7 — 16 ýaş aralygynda çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan, çeperçilik gurnaklaryna gatnaýan we umumy bilim berýän mekdeplerde okaýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalary we ýetginjekleri gatnaşdyrylýar. Bäsleşik grafika we nakgaşçylyk (akwarel, guaş) ugurlary boýunça geçiriler.

Bäsleşige hödürlenilýän işler: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan», «Men parahatçylygy söýýärin», «Türkmenistan — arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy», «Meniň ülkämiň gözel ýerleri», «Men Türkmenistan barada surat çekýärin», «Bagtyýar çagalyk» atly temalar boýunça ýerine ýetirilmelidir.

Bäsleşigiň jemi 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda jemlener we Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sergilener. Bäsleşige hödürlenilýän işler 2021- nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda kabul edilýär.

Bäsleşik baradaky doly maglumatlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm resmi saýtynda ýerleşdiriler.

Ha­bar­laş­mak­ üçin ­te­le­fon­lar:­­ Aş­ga­bat­ şä­he­ri,­­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Döw­let ­çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy. Tel:­ 92-56-41,­ faks:­ 92-12-01.­­ Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi Tel: 44-00-41.