Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň şu aşakdaky hünärler boýunça işe çagyrýandygyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. (2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna berlen maglumatlaryň esasynda taýýarlandy)

Aşgabat şäheri boýunça

Bagtyýarlyk etrabynda:

Ýokary bilim boýunça:

Rus dili, iňlis dili mugallymlary, maşgala lukmany, inžener, konsertmeýster, baletmeýster, artist, režissýor

Ýörite we orta hünär bilimi boýunça:

Başlangyç synp mugallymy, suratkeş-bezegçi, tikinçi, sürüji, elektrik, bug gazanyň operatory

Beýleki hünärler boýunça:

Işçi, dokmaçy, ussanyň kömekçisi, pile saraýjy, mata ýazyjy, ýükçi.

Habarlaşmak üçin salgymyz we telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheriniň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-71

Berkararlyk etrabynda:

Ýokary bilim boýunça:

Rus dili, iňlis dili, aýdym-saz mugallymlary, buhgalter-ykdysatçy, ylmy işgär, menejer, oýun goýujy režissýor, iş dolandyryjy, inžener-programmist, web-dizaýner, terjimeçi, inžener-mehanik, maşgala, akuşer-ginekolog, rentgenolog, berhiz lukmanlary, farmasewt

Ýörite we orta hünär bilimi boýunça:

Maşgala şepagat uýasy, ýeňil, ýük göteriji awtoulag sürüjileri, elektrokebşirleýji, kompýuter tehnikalaryna hyzmat ediji ussa, kinomehanik, 1-nji derejeli oýunçy, elektromontýor, mehanik, tok üpjünçiligi boýunça tehnik, brigadir, laborant, rieltor

Beýleki hünärler boýunça:

Işçi, bezegçi, bagban, santehnik, howalandyryjy, bejeriji, garawul, dizelçi, mermerçi, dokma işçisi, satyjy

Habarlaşmak üçin salgymyz we telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheriniň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-67

Büzmeýin etrabynda:

Ýokary bilim boýunça:

Maşgala, çagyryş gullugynyň tiz kömek, hasabat lukmanlary, buhgalter, matematika mugallymy, konsertmeýster, sazanda, terjimeçi, hukukçy, inžener-energetik, ýokary derejeli artist, režissýor, ylmy işgär

Ýörite we orta hünär bilimi boýunça:

Şepagat uýasy, feldşer, teleoperator, režissýoryň assistenti, aşpez, suw sorujy enjamyň işçisi, sowadyjylara hyzmat etmek üçin tehniki gözegçilik hünärmeni, sürüji, hasapçy

Beýleki hünärler boýunça:

Florist, işçi, bagban, biçimçi, dellekçi, ofisiant, süpüriji, naharhana işçisi, kir ýuwujy

Habarlaşmak üçin salgymyz we telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy, tel: 33-07-39

Köpetdag etrabynda:

Ýokary bilim boýunça:

Iňlis dili mugallymy, habarçy, hasapçy, terjimeçi, maşgala lukmany, tehniki howpsuzlyk boýunça inžener

Ýörite we orta hünär bilimi boýunça:

Maşgala şepagat uýasy, operator, sürüji, dizaýner, kebşirleýji

Beýleki hünärler boýunça:

Bagban, satyjy, santehnik, çörek bişiriji, gaplaýjy, işçi, dellekçi, tikinçi, biçimçi, tam süpüriji

Habarlaşmak üçin salgymyz we telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-67-49

Gyzyklandyrýan soraglar boýunça habarlaşmak üçin etrap, şäher zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna hepdäniň iş günleri islendik wagt ýüz tutup bilersiňiz!

Çeşme: «Aşgabat» gazeti.