Adamyň sagdyn we netijeli zähmet çekmäge ukyply bolmagy üçin kadaly uky zerur. Uky öz wagtynda we doly alynmaly. Uly adamlar günüň dowamynda 8, çagalar bolsa 10 sagat uklamaly. Adam uklap ýatan wagty onuň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna girişip, dürli gyjyndyryjylara täsirini peseldýär. Ukudaky adam belli bir sesleri, yşyklary saý-garmaýar. Ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işi sazlaşykly hereket edýär. Gündizki arakesmede adam 15—45 minudyň dowamynda gözlerine dynç bermeli ýa-da uklamaly. Uky döwründe beden rahatlanýar we onuň ähli ulgamlarynyň işjeňligi kadalaşýar. Hut şonuň üçin hem zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, öz wagtynda doly ukyňy almak zerur. Sebäbi uky beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin hökmandyr. Ukynyň rahat bolmagy üçin agşam ýatmazdan öň, agyr siňýän tagamlary iýmezlige çalyşmaly. Ýatmazdan öň, azyndan bir bulgur arassa agyz suwuny ýa-da gatyk içmek, arassa howada pyýada gezelenç etmek saglyk üçin peýdalydyr.Kadaly uky bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Ukynyň kadaly bolmagy sagdynlygyň girewidir.

Şeýle-de häzirki wagtda howanyň sowamagy we ondaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyň, jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklaň, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý ediň!

 Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş habarlar merkezi.