Wengriýanyň Milli mejlisiniň agzasy Gergeý Guýaş, Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna wagtlaýyn rugsat berlendigini we “AstraZeneca” sanjymyny tassyklandyklaryny habar berdi. Şeýlelikde, bu ýurt Ýewropada Russiýanyň sanjymyny tassyklan ilkinji ýurt boldy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda aýdylýar. 

Wengriýanyň döwlet ministri Gergeý Guýaş ýurduň häkimiýetiniň täze görnüşli koronawirus (Covid-19) ýokanjyna garşy “AstraZeneca” we “Sputnik V” sanjymyny tassyklandygyny habar berdi.

Metbugat ýygnagynda ýykyş eden wenger ygtyýarlysy Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Covid-19 sanjymyny üpjün etmek meselesinde gaty haýal hereket edýändigini, şonuň üçin ýurduň hökümetiniň sanjym üçin Hytaý we Russiýa bilen gepleşikler geçirendigini belledi.

Ol ýurduň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartonyň Russiýada degişli gepleşikleri geçirjekdigini belledi.

Wenger ygtyýarlysy 331 müň doza sanjym alandyklaryny we 140 müň adama sanjym edilendigini hem belläp geçdi.