Hatiko — 1923-1935-nji ýyllar aralygynda Ýaponiýada ýaşap geçen “akita” tohumyndan itiň adydyr. Hawa, Hatiko dünýäniň iň wepaly iti diýen ada mynasyp boldy. Hat-da onuň hatyrasyna meşhur aktýor Riçard Giriň baş keşbi janlandyrmagynda ajaýyp film şeýle-de bürünçden heýkel döredildi. Dünýä meşhur bolan Hatiko atly it baradaky hekaýa megerem hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.

1925-nji ýyldy. Akita tohumyndan bolan Hatiko Tokiodaky bir uniwersitetiň mugallymy Eizaburonyň öňki talyplary tarapyndan berlen sowgatdyr. Hatiko eýesine diýseň wepaly it bolup ýetişýär. Hatiko eýesini ýagny professor mugallymy her gün irden Şibuýa stansiýasyna işe ugradyp, agşam ýene-de şol ýerden garşy alýan eken. Bu gündelik hem şeýle bolupdyr. Hatikonyň şeýle wepalylygyna professoryň goňşylary, stansiýanyň işgärleri gaty haýran galýar ekenler. Emma günlerde bir gün professor uniwersitetde ýürek agyry keselinden aradan çykýar. Ynha, şundan soň hem Hatikonyň hemmeleri haýrana goýýan wepalylyk, sabyrlylyk döwri başlaýar. Hatiko 1935-nji ýyla çenli (ýagny tä özi aradan çykýança) öz eýesine şol Şibuýa stansiýasynda garaşýar. Emma professor weli gelmeýär. Umytsyz hem bolsa, Hatiko eýesine wepalylyk bilen garaşýar.

Ýaponiýanyň däp-dessurlaryna görä, ýanýoldaşy aradan çykan zenan gaýtadan durmuş gurmaýar. Professoryň aýaly hem ozal ýaşaýan jaýyny satlyga çykaryp, kakasy bilen mesgen tutmaga başlaýar. Ýöne, gynansakda bu jaýa alyjy tapylmaýar. Onuň gapysynda diňe Hatiko ýaşamagy dowam etdirýär. Hatiko her gün irden we agşam Şibuýa stansiýasyna gelip gider eken. Emma wagtyň geçmegi bilen Hatiko garraýar, tapdan düşýär. Ol günde baryp gaýtmaga gurby gutarandan soň şol stansiýanyň gapysynda professora garaşýar.

Hatikonyň hatyrasyna heýkel dikildi

Ýaponiýanyň meşhur aktrisasy Ýoşiko Kawadanyň maddy goldawy we beýleki köp sanly haýyr-sahawatlaryň kömegi bilen, Hatikonyň bürünç heýkeli wokzalyň gapdalynda eýesine garaşyp duran ýerinde edil şol şekilde ýörite Hatikonyň hatyrasyna heýkel dikeldildi. Hatikonyň bürünçden ýasalan heýkeli Ikinji jahan urşy döwründe zerurlyk sebäpli eredilipdi, ýöne uruşdan soň heýkel gaýtadan ýene-de dikeldildi. Hatikonyň wepalylygy, sabyrlylygy onuň gahryman bolmagyna uly täsir etdi.

Hatiko üçin film döredildi

Hatikonyň hatyrasyna 2009-njy ýylda “Hachi: A Dog’s Tale” ady bilen drama žanry esasynda film ajaýyp döredildi. Film ilkinji gezek 2009-nji ýylyň iýul aýynyň 8-ine Tokioda görkezildi. Ilki başda iňlis dilinde döredilenine garamazdan bu film dürli halklaryň dillerine terjime edildi. Filmde Hatikonyň eýesi ýagny mugallymyň keşbini dünýä belli aktýor Riçard Gir janlandyrýar. “Hachi: A Dog’s Tale” filmi birnäçe abraýly baýraklaryň eýesi boldy.