Jemgyýetçilik torlarynyň ägirdi “Facebook” -yň “WhatsApp” programmasy, platforma ýene bir gezek goşulmaga taýynlyk görýän täze aýratynlygy bilen gün tertibinde öz ornyny aldy.

Internet platformasy bolan “WhatsApp” söwda düwmesini bütin dünýäde elýeterli edip başlajakdygyny habar berdi.

Käbir internet sahypalarynyň habar bermegine görä, “Facebook” bütin dünýäde “WhatsApp” -yň söwda düwmesini birnäçe wagtdan bäri synagdan geçirýär.

Bu aýratynlyk elýeterli bolanda, işewür söhbetdeşlik penjiresiniň ýokarsynda söwda nyşanjygy bolar. Ulanyjylar bu ýerdäki nyşanjyga basyp, “WhatsApp”-dan çykman onlaýn söwda edip bilerler. Ulanyjylar şol penjirede gören önümlerini sargap bilerler şeýle hem söwda bilen bagly hyzmatdaşlyk gurnap bilerler.