Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy tarapyndan XXI asyryň dünýäniň iň gowy tälimçisi yglan edildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawyň ilkinji onlugynda Arsen Wenger, Karlo Ançelotti, Wisente del Boske, Diego Simeone, Dide Deşam, Marselo Belsa we Fabio Kapello dagy orun aldy.

Reýtingde birinji orny «Tottenham» tälimçisi Žose Mourino eýeledi. Ikinji orny bolsa Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýoahim Lew eýelemegi başardy. Üçünji orny Hosep Gwardiola we «Mançester Ýunaýtediň» öňki tälimçisi Aleks Fergýuson bilelikde mynasyp boldylar.

58 ýaşly Mourino öz toparlaryny iki gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy, bir gezek UEFA kubogynda we Ýewropa ligasynda ýeňiş gazandy. XXI asyryň iň gowy tälimçisi adyna mynasyp bolan portugaliýaly tälimçi «Tottenham» toparyna 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri tälimçilik edýär.