Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlap, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara  žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda aýdylýar. 

Türkmenistanyň Mejlisi milli Liderimiziň bu başlangyjyny goldap, Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak we ony mundan beýläk «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti» diýip atlandyrmak barada karar kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýagşygeldi Kakaýewiň ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, uly tejribesi bolan halypa bolandygy, onuň nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ugrunyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşandygyny belledi.

Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýurdumyzyň iri inženerçilik ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Uniwersitet 2013-nji ýylyň 9-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda öňki Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesiniň berilmegi bilen döredildi.

Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2013-nji ýylyň 25-nji iýulynda Halkara uniwersitetler birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.