ABŞ-nyň demirgazygyndaky Miçigan ştatynda ýaşaýan Bil Teýlor atly meteorolog asmandaky ýagtylyk sütünlerini surata düşürmegi başardy. Onuň aýtmagyna görä, seýrek gabat gelýän bu hadysa howanyň derejesiniň doňaklyga ýakynlan ýa-da has pese düşen wagtynda ýüze çykýar.

Bil Teýlor ABŞ-nyň Milli howa maglumaty gullugynyň meteorology. Ol bu hadysanyň Demirgazyk yşyklaryna çalymdaşdygyny, ýöne olaryň emele geliş ýagdaýlarynyň aýry-aýrydygyny aýdýar. Ol bu ýagdaýy «Demirgazyk yşyklaryna seredýän ýaly boldum, çünki olar bökýärdiler, hereket edýärdiler, şekilden şekile üýtgeýärdiler» diýip beýan etdi.

Eýsem, ýagtylyk sütünleri näme? Diňe sowuk sebitlerde görünýän bu hadysa howadaky ýere ýakyn ýerleşen buz bölejikleriniň asylyp galarlyk derejede ýumşamagy bilen emele gelýär. Aslynda, alty burçly buz bölejikleri şol mahal dikligine görünýär. Asmandaky ägirt uly aýna çalym edýän buzlar islendik ýagtylygy serpikdirip, ajaýyp görnüşi emele getirýärler. Ýöne olaryň görünmegi üçin howeanyň hem sowuk, hem şemalsyz bolmagy gerek.

Habar bilen ugurdaş synlaýan suratyňyz 7-nji fewral güni düşürildi.