Bäş ýyldan soň ilkinji gysgametražly multfilm

Disneý kinostudiýasy soňky bäş ýylda ilkinji gysga animasiýa multfilmini çykarmaga taýynlanýar. “Us again” (“Ýene-de biz”) adyny aljak bu multfilm 4-nji martda uly ekranlara çykar we ol “Raýýa we soňky drakon” multfilmine ýoldaş bolar diýip, mybryansk.ru habar berýär. Režissýor-multiplikatory Zak Perriş, sazyny bolsa “Kapitan Marwel” kompozisiýanyň awtory Pinar Toprak ýazdy. “Us again” 2016-njy ýyldan bäri Disneýiň birinji gysgametražly animasiýa bolar.

«Küýküje taýçanak»

murman.tv saýtynda bellenilişi ýaly, Oleg Pogodinyň režissýorlyk etmeginde köpden bäri garaşylýan  jadyly erteki – “Küýküje taýçanak” atly film uly ekranlarda peýda boldy. Film Pýotr Erşowyň adybir ertekisi esasynda düşürildi. Film degişme sahnalaryny, täsirli başdan geçirmeleri özünde jemleýär. Kompýuter tehnologiýalary, aýratyn effektler ajaýyp eşikler, şeýle hem uly göwrümli bezegler häzirki döwürde P.Erşowyň köne ertekisine gyzyklanma döretmegi başardy diýip, çeşmede bellenip geçilýär.