Önümçiliginiň gerimini we önümleriň görnüşlerini barha artdyrýan, dünýä ülňülerine laýyk harytlary bilen müşderileriň söýgüsini gazanan kärhanalaryň biri-de, «Täç hil» hususy kärhanasydyr. Ol täzelikde atyrlaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazetinde bellenilip geçilýär.
Kärhanada erkekler we zenanlar üçin niýetlenen, döwrebap bezegli aýna çüýşelere gaplanan atyrlaryň 20 görnüşi öndürilýär. Geljekde bu görnüşleri has-da artdyrmak, halka hödürlemek meýilleşdirilýär. Atyrlar taýýarlananda dünýäde iň köp isleg bildirilýän hoşboý yslar, şeýle-de ýerli etil spirti ulanylýar.
Olaryň hiline barlaghana hünärmenleri dowamly gözegçilik edýärler. Täze önümler ähli möwsümde ulanmaga amatlydyr. Önümleriň täze tapgyry ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň, onlaýn söwdanyň üsti bilen alyjylara elýeterli bahadan ýetiriler.
Degişli hünärmenleriň yhlasly gözlegleri, müşderileriň pikirlerini öwrenmek esasynda, geljekde döwre bap tehnologiýalar esasynda önümleriň täze-täze görnüşlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.
Hoşboý ysly atyrlary«Täç hiliň» «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda goşalanyp gelýän toý-baýramlarymyza mynasyp sowgadydyr.