«Ýewropada ýylyň awtoulagy» bäsleşigi ugrunda 29 awtoulag ýarym final üçin bäsleşipdi. Şolaryň arasyndan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna 7 sany awtoulag bäsleşmäge hukuk gazandy. Sanawdaky 7 finalçynyň arasynda «Volkswagen» toparyndan 3 ulag bar. Bu bäsleşigiň ýeňijisi 2021-nji ýylyň 1-nji martynda mälim ediler. Jemleýji tapgyra gatnaşýan 7 ulagyň 2-si doly elektrik bilen işleýän ulagdyr. «Ýewropada ýylyň awtoulagy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňijilik ugrunda bäsleşýän 7 modelden ybarat bolan awtoulag aşakdakylardan ybaratdyr.

Volkswagen ID.3

Citroen C4

Cupra Formentor

Fiat 500

Land Rover Defender

Skoda Octavia

Toyota Yaris