Ýewropa yklymyndan epidemiýa sebäpli 2020-nji ýylda howa gatnawy ep-esli pese gaçypdy. Uçuşlarda ýolagçy sany 2019-njyň ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 70,4 göterim azaldy. Iň köp ýolagçy gatnadan howa menzilleriniň reýtingi üýtgedi. Reýtinge görä, Stambul howa menzili birinji ýeri eýeledi. Şeýlelikde Stambul howa menzili Ýewropanda iň köp ýolagçy gatnadan howa menzili adyna eýe boldy.

Stambul howa menzili barada gysga maglumat

2018-nji ýylda açylan Stambul howa menzili Ýewropada iň işjeň nokatlaryň biridir. 76,5 million inedördül metr meýdanda ýerleşýän bu ägirt uly desga, 2 terminal we 6 uçuş-gonuş zolagy bolan Stambul howa menzili şäher taslamasyny, myhmanhanalary, ýaşaýyş jaýlaryny, işewürlik merkezlerini, hassahanany, medeni merkezi we ýarmarkany öz içine alar. 1,4 million inedördül metr meýdanda gurlan Stambul howa menziliniň terminaly içerki we halkara ýolagçylar üçin bilelikde hyzmat edýär.