Ykdysadyýet-adalgasy “oikonomia”(hojalygyň dolandyrylyşy) diýen gadymy grek sözünden gelip çykypdyr.Bu adalga köp dürli mana eýe bolmak bilen, adamzat jemgyýeti ösdugiçe onuň many-mazmuny has-da baýlaşýar.

2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna” gol çekildi. Munuň özi ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, hemme taraplaýyn bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda uly ädim boldy.

Ykdysadyýeti sanlaşdyrmak-bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Continue reading Ykdysadyýet näme? at InAshgabat.