Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteldirilen harby mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

  1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.
  2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuň­laşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.
  3. Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar. Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilmegi baradaky harby wekiliň adyna ýazan dil haty (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);

2) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

3) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal;

4) dogluş hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;

5) okaýan orta mekdebiniň 8-nji synpyndaky ýetişigi barada resminama (1, 2, 3 çärýeklerinden göçürme);

6) 6 sany 3х4, 4 sany 4х6, 2 sany 9х12 ölçegde, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;

7) okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;

8) okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan nusgasy;

9) Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyna kepil geçilen lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerologik, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);

10) keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;

11) ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;

12) ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

13) eger dalaşgäriň ýakyn garyndaşlaryndan aradan çykan bolsa, onda ölüm hakynda şahadatnamasynyň, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy.

  1. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
  2. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär.

Kabul ediş topary.