Angliýanyň Kubogy ugryndaky oýunlar gyzgalaňly alnyp barylýar. Ynha, bu gün hem Kubok ugryndaky iň gyzykly duşuşyklaryň biri bolan «Mançester Siti» we «Mançester Ýunaýted» toparlary duşuşar. Bu oýuna dünýäniň dürli künjeklerindäki futbol janköýerleri sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Agşam ýaýlyma beriljek oýunlar «Türkmenistan sport» teleýaýlymynda hem göni ýaýlymda görkeziler. «Mançester Siti» we «Mançester Ýunaýted» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar agşam sagat 00:40-da «Türkmenistan sport» teleýaýlymynda göni ýaýlyma berler.

Beýleki gyzykly futbol duşuşyklar:

«Mançester Siti» we «Mançester Ýunaýted» toparlarynyň oýunlary bir hatarda Ýewropa çempionatynyň gyzykly duşuşyklarynyň ýaýlyma berilýändigini hem aýratyn bellemegimiz gerek. Biz hem duşuşyklar barada ýerli wagt esasynda size ýetirmegi makul bildik.

«Milan» — «Ýuwentus»                   00:45

«Atletik» — «Barselona»                 01:00

«Sent Eten» — «PSŽ»                    01:00