Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan «ÝUNESKO» – «Ýüpek ýol – ýaşlaryň gözi bilen» atly halkara fotobäsleşigik geçirýär. Bäsleşige 14 – 25 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň esasy wezipesi Beýik Ýüpek ýolunyň içinden geçýän ýurtlaryndaky ýa-da şu taryhy ugur boýunça syýahat edýän ýaşlaryň fotosuratlaryny Ýüpek Ýolunyň taryhy goşandyny nygtaýan gural hökmünde ulanmaga höweslendirmekden ybarat bolup durýar.

Bäsleşige hödürleniljek fotosuratlar Ýüpek ýolunyň umumy mirasyny iki tema boýunça ýüze çykarmalydyr: dokma we geýim; COVID-19 döwründe medeniýetler arasyndaky, şol sanda dokma we geýim pudagynda alyş-çalyşlar görkezilmelidir. 

 Fotosuratlar 2021-nji ýylyň 24-nji awgustyna çenli, silkroadsphotocontest@unesco.org elektron salgy boýunça kabul edilýär.

Continue reading ÝUNESKO «Ýüpek ýol – ýaşlaryň gözi bilen» atly halkara fotobäsleşigini geçirýär at InAshgabat.